Iň täze habarlar

Bütinleý täze “Toyota Hilux” eýýam ýolda

05.01.2025 | 13:55 |
 Bütinleý täze “Toyota Hilux” eýýam ýolda

“Toyota” täze önümleriň üstünde işjeň işleýär: 2026-njy ýylda düýbünden täze “Corolla” (13-nji nesil) çykar, ýöne has öň, şu ýyl eýýäm täze “Hilux”-yň çykmagyna garaşylýar. Ýeňil ulag esasy bazarlaryň birinde – Taýlandda “Hilux Travo” ady bilen peýda bolar. Degişli at eýýäm ýerli patent edarasynda hasaba alyndy.

“Toyota Hilux 2025” TNGA-F platformasynda gurlar hem-de öňki we yzky taraplarynyň düýbünden täze dizaýny alar. Ýöne pikapyň içinde täze “Camry”-iň içki bölegi gaýtalanar. “Hilux 2025” dizel hereketlendirijisini saklar (bazara we modeline baglylykda dizel hereketlendirijisiniň güýji 2,4 litr, 2,5 litr, 2,8 litr we 3.0 litr) we rul arkaly dolandyryjysy elektrik güýçlendirijä eýe bolup biler.

ORIENT

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: