Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudo işden gitdi
07.01.2025 | 10:35 |Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudo Liberal partiýasynyň başlygy wezipesinden gidýändigi barada habar berdi. Emma ol partiýa täze lideri saýlaýança premýer-ministr wezipesiniň borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam eder.
Trýudo özüniň işden gitmekligi 2025-nji ýylyň oktýabryndan öň geçirilmeli saýlawlarda Kanadanyň halkyna saýlamak mümkinçiligini berjekdigini aýtdy. Ol inflýasiýanyň ösmegi bilen baglanyşykly tankytlara duçar bolmagyna garamazdan, hökümetiniň ykdysadyýetde uly üstünliklere ýetendigi barada belledi.
Trýudo özüniň işden gidýändigini çarşenbe güni başlajak Liberal partiýasynyň umumymilli mejlisinden öň habar bermegi barada karara geldi.
Özüniň premýerlik etmek işiniň netijelerine kanagatlanarlylyk bildirip, Trýudo işe başlan döwri, ýagny 2015-nji ýyldan bäri Kanadanyň uly üstünliklere ýetip, özüniň iň gowy nusgasyny görkezýändigi barada belledi.
Jastin Trýudo 2013-nji ýyldan bäri Liberal partiýasyna başlyklyk edip, 2015-nji ýylda premýer-ministr boldy. Onuň hökümeti birnäçe özgertmeleri amala aşyryp, şol sanda durmuş kömek pullar ulgamynyň gowulandyrylmagyny hem gazandy.
ORIENT news