Türkmenistanda “mawy ýangyjyň” durnukly geçirilişiniň üpjün edilmegi
07.01.2025 | 11:30 |“Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň düzümine girýän “Şatlyk” gaz gysyjy desgasy Türkmenistanyň energetika ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hünärmenleriniň hem-de desganyň gaz işgärleriniň tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilen möhüm wezipeler ýerine ýetirilýär: ýurtda we onuň daşynda sarp edijiler üçin energetika durnuklylygy we tebigy gazyň ygtybarly geçirilişi üpjün edilýär.
Döwletabat-Derýalyk magistral gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän bu desga 65 km ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýär. Bu desganyň birinji böleginden tebigy gaz eksporta çykarylýar, şeýle hem Mary we Ahal welaýatlarynyň ilatynyň, bu welaýatlaryň edara-kärhanalaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Desgada 300-den gowrak hünärmenler we gaz işgärleri işläp, olaryň çekýän zähmeti “mawy ýangyjyň” durnukly geçirilişini kepillendirýär.
2024-nji ýylda desgada 1-nji ugruň 5-nji we 7-nji km aralygynda 1200 metrlik gaz geçirijisiniň düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Köne turbalar diametri 1422 mm bolan täze turbalar bilen çalşyldy. Bu hem tebigy gazyň geçirilişiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrdy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň gaz üpjünçiligini gowulandyrmak üçin uzynlygy 9441 m bolan täze gaz geçirijisi guruldy, bu bolsa ilatly nokatlara geçirilýän gazyň möçberini ýokarlandyrdy. Mundan başga-da, hünärmenler gazyň geçirilişini düzgünleşdirýän esasy mehanizmleri çalşdylar hem-de 1400 m eltýän we yza çekilýän gaz geçirijileriň durkyny täzelediler. Desganyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin önümçilik enjamlarda alnyp barylýan işler dowam etdirilýär.
Işgärleriň tejribesi we ýokary hünär taýýarlygy
“Şatlyk” desgasynyň müdiri Muhammetnur Amangeldiýewiň bellemegine görä, desganyň işgärler topary dolylygyna tehnologiki talaplary berjaý etmek bilen, ýokary basyşly magistral gaz geçirijileri boýunça tebigy gazyň geçirilişini üpjün edýär. Gaz gysyjy gullugynyň dispetçeri Rüstem Seýtiýew, maşinistler Baýramgeldi Babaýew, Ýakub Saparow, Alty Möjekow, ýangyç guýyjy hünärmeni Kowus Meredow we beýleki hünärmenler bu işe öz möhüm goşandyny goşýarlar.
Türkmenistanyň gaz senagat pudagynyň geljegi
Häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, giň gerimli durkuny täzeleýiş işleri we gaz senagatynyň infrastrukturasynyň yzygiderli ösüşi Türkmenistanyň energetika syýasatynyň öňdengörüjiligine şaýatlyk edýär. “Şatlyk” gaz gysyjy desgasynyň işi tebigy gaza bolan içerki we daşarky islegiň üpjün edilmegi üçin ýerli serişdeleriň netijeli ulanylmagynyň nusgasy bolup durýar.
ORIENT news