Iň täze habarlar

2025-nji ýylda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde Türkmenistanyñ ädimleri

07.01.2025 | 13:40 |
 2025-nji ýylda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde Türkmenistanyñ ädimleri

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalaryny Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ garamagyna hödürledi.

Taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriñ işi nebitgaz känlerini çuñlaşdyryp özleşdirmäge, tebigy we ugurdaş gazyñ, nebitiñ we gaz kondensatynyñ alnyşyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler. Şeýle-de suwuklandyrylan gazyñ önümçiliginiñ möçberini artdyrmak, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy.

"Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy täze nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek işini alyp barar. Ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işlere aýratyn ähmiýet beriler.

Dünýäde iri gaz känleriniñ bori bolan “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy 2025-nji ýylda öñde duran möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyñ Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyñ milli ykdysadyýetimiziň möhüm strategiki pudagy hökmünde wajyp orny barada belledi.

Döwlet Baştutany pudagyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagy, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we öñde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Taýýarlanylan iş meýilnamalar makullanyp, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

ORIENT news

Foto: newscentralasia.net

Şeýle hem okaň: