Iň täze habarlar

Türkiýe 2026-njy ýylda bäşinji nesliň öýjükli aragatnaşyk ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär

07.01.2025 | 13:35 |
 Türkiýe 2026-njy ýylda bäşinji nesliň öýjükli aragatnaşyk ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär

Soňky ýyllarda Türkiýäniň ykjam aragatnaşyk ulgamy ep-esli derejede ösdi, ýurduň abonentleriniň köp bölegi eýýäm 4,5 G ulgamyna geçdi.

Maglumatlara görä, Türkiýäniň ykjam aragatnaşyk ulanyjylarynyň 87 mln-dan 81 mln golaýy hut şu tehnologiýadan peýdalanýar. 4,5 G maglumatlaryň geçirilşiniň has ýokary tizligini hem-de öňki standartlar bilen deňeşdirilende has gowy aragatnaşyk hilini üpjün edýär.

Türkiýäniň Prezidenti Taýyp Erdogan 2026-njy ýylda bäşinji nesliň (5G) öýjükli aragatnaşyk ulgamyny girizmegi göz öňünde tutýar. Bu maksat bilen 2025-nji ýylda 5 G milli ulgamyny döretmek boýunça bäsleşik geçiriler. Bu hem ýurda ählumumy sanly ykdysadyýetiň bir bölegi bolmaga mümkinçilik berer. Bu waka Türkiýede aragatnaşyk infrastrukturasynyň gowulandyrylmagynda hem-de halkara arenada ýurduň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagynda möhüm ädim bolar.

Häzirden eýýäm dürli welaýatlarda, şol sanda Satmbulyň halkara howa menzilinde 5 G synaglary başlandy. 5 G ulgamynyň diňe bir ýokary tizlikli Internet standartlaryny üpjün etmän, eýsem Zatlaryň Interneti we akylly şäherler ýaly işewürlik üçin täze mümkinçilikleri açar.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: