Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda 2025-nji ýylyň ilkinji sakura güllemegine syn edip bolýar
07.01.2025 | 11:35 |Ýaponiýanyň günortasynda ýerleşýän Okinawa prefekturasynda 2025-nji ýylyň sakuranyň hikandzakura (jaňjagaz şekilli ülje) görnüşiniň güllemegine syn edip bolýar.
Howa hünärmenleri prefekturanyň administratiw merkezleriniň biri bolan Naha şäheriniň seýilgähleriniň birinde bu ösümligiň güllemegini tassykladylar. Olaryň aýtmaklaryna görä, jaňjagaz şekilli üljäniň güllemegi köpýyllyk orta senesinden 11 gün öň we geçen ýylky senesinden 8 gün öň tassyklandy.
Sakura ýa-da ýapon üljesi ýapon medeniýetinde baharyň we gözelligiň nyşany hasaplanylýar. Okinawada sakuranyň güllemegi ýanwar aýynyň ahyrynda ýa-da fewral aýynyň başynda başlaýar. Bu sebäpli hem Ýaponiýanyň bu sebiti açylýan gülleriň ilkinji ýeri bolup durýar.
Sakura bary-ýogy 7-10 günüň dowamynda gülleýär, we hut şol döwür agaçlar ýakymly gülgüne ýaprajyklara bürenip, ajaýyp manzaralary emele getirýär.
2025-nji ýylda, edil geçen ýyllarda ýaly, müňlerçe syýahatçylaryň we ýerli ýaşaýjylaryň gül açyp duran agaçlaryň aşagynda ýygnanyp, hanami – güllemegi syn etmek däbini amala aşyrarlar. Bu döwürde adamlar açyk howada sähra gezelenjini edýärler, duýgylaryny paýlaşýarlar we baharyň gelmegini belleýärler. Sakuranyň güllemegi diňe bir ýakymly görünmän, eýsem ýaponlar üçin möhüm bolan ýaşaýşyň tiz ötüp gidýänligini alamatlandyrýar. Şonuň üçin hem, siz 2025-nji ýylda Okinawa syýahat etmegi göz öňünde tutýan bolsaňyz, bu ajaýyp tebigy hadysasyna syn etmek mümkinçiligini elden gidirmäň!
ORIENT news