ABŞ-nyň Kongresi Trampy 60-njy prezident saýlawlarynyň ýeňijisi diýip yglan etdi
07.01.2025 | 10:05 |ABŞ-nyň Kongresi Donald Trampy 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen 60-njy prezident saýlawlarynyň ýeňijisi diýip resmi taýdan yglan etdi.
Respublikançylar partiýasyna wekilçilik edýän Tramp saýlaw wekilleriniň 270 gerek bolan sesinden 312 ses gazanyp, 77 mln gowrak saýlawçylaryň sesine eýe boldy. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 45-nji we 47-nji prezidenti bolar.
Ýeňiş barada bildirişi häzirki wise-prezident we Senatyň başlygy Kamala Harris tarapyndan habar edildi.
- Florida ştatynyň ýaşaýjysy Donald J.Tramp 312 ses gazandy. Kaliforniýa ştatynyň ýaşaýjysy Kamala D.Harris 226 sese eýe boldy – diýip, saýlaw wekilleriniň sesleriniň sanalmagyndan soň Harris habar berdi. Tramp özüniň begenji bilen sosial ulgamlarda paýlaşyp, “bu Make America Great Again (MAGA) hereketinde beýik pursatdyr” diýip belledi.
Trampyň wezipä girişmek dabarasy 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna bellenen.
Tramp 2020-nji ýylyň saýlawlaryndaky ýeňlişinden soň häkimiýete gaýdyp gelýär. Öňki saýlawlarda ýeňlişe sezewar bolup, Ak tama gaýdyp gelmegi başaran Trampdan öňki ýeke-täk prezident – demokrat Grower Kliwlend.
Wezipä girişmek gününde Tramp ABŞ-nyň Prezident wezipesine girişen ýaşy boýunça iň uly syýasatçysy bolar. 14-nji iýunda ol 78 ýaşar. Habarda bellenilşi ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda ol dört ýyl mundan öň döwlet baştutany wezipesine geçen Jo Baýdenden 5 aý uly bolar.
Ozal ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň netijelerini saýlaw wekileriniň kollegiýasy tassyklady.
ORIENT news