Iň täze habarlar

Howa hünärmenleri Türkmenistanyñ käbir welaýatlarynda howanyñ sowamagyny çaklaýarlar

06.01.2025 | 17:50 |
 Howa hünärmenleri Türkmenistanyñ käbir welaýatlarynda howanyñ sowamagyny çaklaýarlar

Şu hepde Türkmenistanda howanyñ ep-esli derejede sowamagyna garaşylýar, käbir ýerlerde howa -8 gradusa çenli peseler.

Gidrometeorologiýa gullugynyñ çaklamalaryna görä, Türkmenistanyñ käbir welaýatlarynda howanyñ belli bir derejede peselmegine garamazdan, Aşgabatda gyş pasly üçin maýyl howa bolar. Emma howa hünärmenleri üýtgäp durýan bulutly howany hem çaklaýarlar. Howa gijelerine -2-den +4-e çenli, gündizlerine +4-den +14 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda hepdäniñ birinji ýarymynda ýagşyñ ýagmagyna garaşylýar. Howa gijelerine -4-den +6-a çenli, gündizlerine bolsa +6-dan +14 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda hem üýtgäp durýan bulutly howanyñ we 16 m/s çenli şemala garaşylýar. Howa gijelerine -6-dan +6-a çenli, gündizlerine +3-den +16 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda howanyñ ep-esli derejede sowamagyna garaşylýar. Welaýatda howa gijelerine -8 gradusa çenli, gündizlerine bolsa -3-den +9 gradusa çenli bolar. Şeýle-de, hepdäniñ birinji ýarymynda ýagynlaryñ ýagmagy mümkin.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: