Daşkentde Merkezi Aziýanyň Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça kömekçi sebitleýin maslahaty geçiriler
30.01.2025 | 16:14 |Daşkentde Merkezi Aziýanyň Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça kömekçi sebitleýin maslahaty geçirilip, ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenlerini, lukmançylyk işgärlerini we hökümet wekillerini ýygnar. Bu baradaky mesele Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministri Asilbek Hudoýarowyň hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeniň arasyndaky geçirilen onlaýn-duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi belleýär.
Maslahat bu ulgamda lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan çäreleri ornaşdyrmak we institutlaşdyrmak ýolundaky päsgelçilikleri ýüze çykarmaga ýardam berer.
Taraplar enäniň we çaganyň saglygyny goramakda hyzmatdaşlygy berkitmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini ösdürmek meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news