Iň täze habarlar

Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenleri onlaýn-okuwlarda durnukly energetikanyň esaslaryny öwrendiler

31.01.2025 | 12:59 |
 Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenleri onlaýn-okuwlarda durnukly energetikanyň esaslaryny öwrendiler

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (MA), şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenleri “Durnukly energetika giriş: nazaryýet we tejribe” atly onlaýn-okuwlara gatnaşdylar.

Okuw ýörite “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa: Durnukly energetika günleri” atly kampaniýanyň çäklerinde geçirilen talyp maslahatlaşmalarynyň ýeňijileri we oňa gatnaşyjylar üçin Ýewropa Bileleşigi tarapyndan işläp taýýarlanyldy. Okuw Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary” (SECCA) taslamasy tarapyndan guralyp, energetika we howanyň üýtgemegi boýunça innowasion okuwlar babatda öňdebaryjy tejribäniň ýewropa merkezi bolan Florensiýanyň Düzgünleşdiriş mekdebi (FSR, Italiýa) tarapyndan durmuşa geçirildi.

Okuw dokuz bölümçeden ybaratdy. Her bir bölümçe Florensiýanyň Düzgünleşdiriş mekdebiniň tälimçileri we alymlary bilen onlaýn-sessiýany, şeýle hem özabaşdak özleşdirmek üçin goşmaça materiallary öz içine aldy. Okuwyň ahyrynda gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşigiň energetika we howanyň üýtgemegi babatda alyp barýan syýasaty, ÝB-niň içerki energetika bazary, elektrik energiýa pudagynyň düzgünleşdirilmegi, energiýa netijeliligi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, elektrik mobilligi, alyjylaryň çekilmegi we üpjün edilmegi, durnukly eneretika strategiýalarynyň gender jähtleri barada bilimleri, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde we aýratyn ýurtlarda energetika pudagynyň derwaýys çagyryşlary we mümkinçilikleri barada öwrendiler.

ORIENT news

Foto: secca.eu

Şeýle hem okaň: