Chevron Gazagystandaky nebit önümçiligini giňeldýär
29.01.2025 | 20:50 |Chevron korporasiýasy, onuň 50% golçur kärhanasy Tengizchevroil LLP-niň Gazagystanyň Tengiz nebit ýatagynda geljekki giňeltmek Taslamasy çäklerinde nebit önümçiligine başlandygyny habar berdi. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu taslama kuwwatlylygyň doly ulanylmagy bilen nebit önümçiligini günde 260 müň barrel artdyrmaga gönükdirilendir.
Tengiz nebit ýataklary, Gazagystanyň günbatarynda ýerleşýän, dünýäniň iň çuň we iň uly nebit ýatagy we ýeke-täk nebit tutýan guýularyň arasynda iň ulusy hasaplanýar.
"Bu möhüm tapgyr dünýäniň iň uly nebit ýataklarynyň biriniň toplama we gaýtadan işleýiş desgalaryny doly döwrebaplaşdyrýan köpýyllyk taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny aňladýar. Bu taslama Gazagystan Respublikasy üçin uly ykdysady peýdalar getirer" diýip, Chevron International Exploration & Production-yň prezidenti Kleý Neff belledi.
Tengizchevroil LLP — Chevron (50%), KazMunayGas (20%), ExxonMobil (25%) we Lukoil (5%) kompaniýalaryna degişlidir.
Chevron dünýäniň öňdebaryjy energiýa kompaniýalarynyň biri bolup, elýeterli, ygtybarly we arassa energiýanyň adamzadyň ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedigine ynanýar. Kompaniýa çig nebit we tebigy gaz çykarmak, ulag ýangyçlaryny, ýaglaýjy serişdeleri, nebit-himiýa önümlerini we goşundy serişdeleri öndürmek, şeýle-de pudagy kämilleşdirýän tehnologiýalary işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Chevron, önümçilik işleriniň uglerod zyňyndylarynyň derejesini azaltmaga we pes uglerodly energiýa çeşmelerini, şol sanda gaýtadan dikeldilýän ýangyçlary, uglerod sorujy tehnologiýalary, wodorod we beýleki täze tehnologiýalary ösdürmäge ygrarlydyr.
ORIENT