Gyrgyzystandaky Türkmenistanyñ ilçihanasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirdi
30.01.2025 | 16:55 |30-njy ýanwarda Gyrgyzystan Respublikasyndaky Türkmenistanyñ ilçihanasynda 2025-nji ýylyñ "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi. Oña türkmen diasporasynyñ wekilleri, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriñ wekilleri gatnaşdy.
Brifingiñ dowamynda Türkmenistanyñ içeri we daşary syýasatynda gazanan möhüm üstünlikleri, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyñ çäklerinde geçiriljek işler bilen tanyşdyryldy.
Çäreleri durmuşa geçirmegiñ ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, "Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy», şeýle-de ýurdumyz tarapyndan teklip edilen anyk çäreler we başlangyçlar bilen tanyşdyryldy.
Mundan başga-da, gatnaşyjylara 2025-nji ýylyñ dekabrynda geçiriljek iri halkara foruma taýýarlyk işler barada maglumat berildi. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyñ hemişelik Bitaraplygynyñ 30 ýyllygyna bagyşlanar. Çäräniñ çäklerinde Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ "Magtymguly - dünýäniñ akyldary" atly kitabynyñ tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Giň okyjylara niýetlenen eseriň beýik şahyryň baý edebi mirasyny, onuñ dünýä medeniýetine goşan goşandyny, hem-de şahyryñ ýubileýine bagyşlanyp geçirilen çäreleri we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini açyp görkezýändigi bellenildi.