ABŞ-de bökdençligi aşa pes derejeli Internet işläp başlady
31.01.2025 | 10:21 |ABŞ-de Comcast telekom-operatory L4S (Low, Latency, Low Loss, Scalable Thorughput) standartynyň esasynda “bökdençligi aşa pes derejeli” tehnologiýany ýaýbaňlandyryp başlady.
Bu tehnologiýa Internet-birikmäniň hilini, esasan hem, wideo jaňlar we onlaýn-oýunlar ýaly maglumat geçirilişiniň ýokary tizligini we bökdençligiň aşa pes derejesini talap edýän gollanmalaryň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen. Geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga derek, L4S her maglumat bukjasynyň geçirilmegi üçin wagty azaldýar, bu hem bökdençlikleri peseltmäge mümkinçilik berýär.
Synaglaryň netijesinde Comcast adaty öý ulanyşda bökdençligi 78 % azaltmagy başardy. Bu hem ulanyjylaryň oýunlaryň has birsydyrgyn şekillendirilmeginden we wideo jaňlaryň kämilleşen hilinden pedalanyp biljekdigini görkezýär. Bu bolsa uzak aralykdan iş alyp barmagyň we onlaýn-eglenmeleriň meşhurlygynyň ösýän şertlerinde hasam wajyp bolup durýar. Tehnologiýa eýýäm, Atlanta, Çikago we San-Fransisko ýaly şäherlerde eleýetrli bolup, ol beýleki ştatlarda hem ornaşdyrylar. Appale, Nvidia we Valve kompaniýalary L4S tehnologiýasyny öz önümlerine ornaşdyrmak üçin eýýäm Comcast bilen hyzmatdaşlyga başladylar. Bu hem ulanyjylar üçin täze mümkinçilikleri açyp berýär.
ORIENT news