Iň täze habarlar

«Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady

06.12.2024 | 02:10 |
 «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady

5-nji dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de umumy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

imgpsh_fullsize_anim (11).jpg

Halkara ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, talyp ýaşlary bilen bir hatarda, iri halkara syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň we dünýäniň abraýly ylym-bilim merkezleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de, Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýa, Italiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy, Belarus Respublikasyndan, Türkiýe, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasyndan, Hindistan, Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan, Taýland Patyşalygyndan, Özbegistan we beýleki ýurtlardan tanymal dilçi alymlar, görnükli bilim işgärleri, halypa professor-mugallymlary ýygnandylar.

imgpsh_fullsize_anim (13).jpg

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

Dabara bilen ugurdaş Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň eýwanynda kitap hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy.

imgpsh_fullsize_anim (12).jpg

«Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary« atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň işi “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde ýetilen sepgitler”, “Dilleri okatmagyň lingwodidaktik esaslary”, “Dilleri öwretmegiň döwrebap usullary we tehnologiýalary”, “Daşary ýurt dillerini okatmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň çäklerinde dilleri okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri” atly bölümleriň bäşisinde alnyp barylýar.

Halkara ylmy-amaly maslahaty 6-njy dekabrynda tamamlanar.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: