Türkmenistanda mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar üçin “E-mekdep” umumy meýdançasy işe girizildi
02.09.2024 | 05:30 |Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi okuwçy gündeliginiň sanly görnüşi bolan “E-mekdep” hyzmatyny işe girizdi (“Elektron mekdep”). Hyzmat meýdançasy okuwçynyň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy, sapagyň meýilnamasy, öwrenilýän mowzuklar, öý işler, mugallymyň bellikleri barada onlaýn maglumatary hödürleýär.
Mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar üçin umumy meýdançasy hepdede 7 günüň, 24 sagadyň dowamynda işläp, onlaýn görnüşde “E-mekdep” ykjam gollanma arkaly sms habarlar ýa-da bildiriş görnüşinde okuw prossesini yzarlamaga, oňa gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlik guramaga, mugallymlar barada maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilişi ýaly, “E-mekdep” meýdançasy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ähli umumy bilim berýän mekdeplerinde ornaşdyrylyp, ýurduň beýleki welaýatlarynda hem ony ornaşdyrmak babatda işler alnyp barylýar.
Munuň ýaly hyzmatlar dünýäniň köp ýurtlarynda ýaýran, emma işläp taýýarlaýjylaryň aýtmayna görä, onuň türkmen görnüşi daşary ýurt görnüşlerinden tapawutlylykda okuwçynyň şahsy ösüşi baradaky derňew moduline eýedir.
“E-mekdep” meýdançasynyň ornaşdyrylmagy 2021-nji ýyldan başlap, şol döwürden bäri ol umumy bilim berýän mekdepleriniň birnäçesinde derňewden geçirilip, dolulugyna işlenildi. Täze okuw ýylyndan başlap bu ulgamyň dolulygyna işe girizilmegi ýurdumyzda mekdep biliminiň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ösmegine itergi berer.
Häzirki wagtda “E-mekdep” ulgamy dolulygyna işleýär, onuň ykjam gollanmasyny Google Play ýa-da Appstore arkaly ýükläp bilersiňiz.
ORIENT news