Türkmenistandaky Çuanszin buraw inženerçilik kompaniýasy materiallar bilen üpjün etmek boýunça tender yglan etdi
07.08.2024 | 22:30 |Türkmenistandaky Çuanszin buraw inženerçilik kompaniýasynyň şahamçasy (KHHK/CNPC) kaustik sodasyny, bentoniti, tehniki duzy we kaliý hloridi satyn almak üçin tender yglan etdi.
Oňa gatnaşmaga mümkinçiligi bolanlar ilki bilen deslapky saýlamalary geçip, onuň üstünlikli tamamalanmagyndan soňra olara tender resminamalary berler.
Gatnaşmagyň talaplary:
Tenderiň ady we tertip sany görkezilen gatnaşmak baradaky arza (WZ-ZJCG-20240723-01) hem-de çap edilen senesiniň görkezilen neşire salgylanma (07.08.2024 senesiniň “Нейтральный Туркменистан” gazeti);
Ygtyýarly wekiliň adyna ynanç haty;
Görkezilen tender boýunça deslapky saýlamalaryna gatnaşyjynyň doly ady, onuň hukuk ýagdaýy, ýurdy, hasaba alyş resminamalarynyň, ygtyýarnamalarynyň, şahadatnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, şertnamalarynyň we meňzeş pudakda iş tejribesi baradaky beýleki resminamalarynyň nusgalary goşulan ýuridiki salgysy, hyzmat edýän bankyň rekwizitleri;
Meňzeş önümi getirmekde önümiň getirilmeli ýerine çenli mümkinçilikleri we möhleti, önümi daşamagyň ugry, ulagyň görnüşi, gaplama görnüşi görkezilen iş tejribesi barada maglumat, hödürnama;
Önümiň öndürilen ýeri, öndüriji zawod barada doly maglumat, synag şahadatnamalary we önümiň hili baradaky beýleki şahadatnamalar.
Tender boýunça deslapky saýlamalara gatnaşmak baradaky arzalar hem-de deslapky saýlamalar üçin resminama bukjalary çap edilen senesinden başlap 10 senenama gününiň dowamynda 18.00 çenli aşakda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly.
Deslapky saýlamalar tamamlanandan soň tender topary tarapyndan tender resminamalarynyň bitewi berilşi geçiriler. Tender resminamalarynyň berlen senesinden 21 senenama güni geçen soňra tender ýapylar.
Arzalary tabşyrmak möhleti: çap edilen gününden başlap 10 senenama gününiň dowamynda 18.00 çenli.
Habarlaşmak üçin:
Salgy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, Blok B, ot.№405.
Habalaşmak üçin wekil: Annagulyýewa Maral.
Telefon: 44-54-00 (9533), +99365 68-20-17.
e-mail: ccdcttender@mail.ru
Maglumatlaryň alynmagy habarlaşmak üçin wekil tarapyndan gözegçilik edilmeli.