Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda tükmen halysy we nebithimiýa pudagyň önümi satyldy

18.07.2024 | 15:15 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda tükmen halysy we nebithimiýa pudagyň önümi satyldy

Çarşenbe güni, 17-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda elde dokalan türkmen halysynyň we nebithimiýa pudagyň önümi satyldy.

Owganystan gelen telekeçiler «Türkmennebit» Döwlet konserninden «ТS-1» kysymly awia kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmen telekeçileri «Türkmennebit» Döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Olar seýle hem elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 004 822,27 manada hem-de 1 559 500 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: