Iň täze habarlar

Günorta Koreýa Koreýanyň Aerokosmos müdirligini döretdi we 2045-nji ýyla çenli Marsa ýetmegi maksat edinýär

11.06.2024 | 09:28 |
 Günorta Koreýa Koreýanyň Aerokosmos müdirligini döretdi we 2045-nji ýyla çenli Marsa ýetmegi maksat edinýär

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol KASA Aerokosmos müdirligini açdy, munuň özi ýurt üçin kosmos gözlegleriniň täze döwrüni alamatlandyrdy. Bu bolsa ýurduň kosmosdaky ornuny giňeltmek maksadyna we 2045-nji ýyla çenli Marsa gonmak hakyndaky meýilnamalaryna laýyk gelýär.

2045-nji ýyla çenli kosmos maksatlaryna ýetmek üçin ýurt 100 trillion won (72,6 milliard dollar) bölüp berdi.

Koreýanyň Aerokosmos müdirligi aerokosmos senagatynyň ösmegine goldaw berer we ýurtda bu ugurda ýöriteleşen hünärmenleriň taýýarlanylmagyna kömek eder.

Günorta Koreýa eýýäm kosmosda möhüm üstünlikleri gazandy. ýurt NASA-nyň «Artemis» maksatnamasy üçin maglumat toplaýan «Danuri» emeli hemrasyny Aýyň orbitasyna uçurdy. Şeýle hem ýurt «Nuri» kysymly hususy raketa-göterijisini işläp düzdi.

Mundan başga-da, Günorta Koreýa 2032-nji ýyla çenli Aýa ilkinji robotlaşdyrylan gonuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: