Iň täze habarlar

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatyndaky döwrebap ýyladyşhana toplumynda iş teklip edýär

29.05.2024 | 21:07 |
 “Ýigit” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatyndaky döwrebap ýyladyşhana toplumynda iş teklip edýär

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatyndaky döwrebap ýyladyşhana işgär alýandygyny habar berýär.

Hojalyk jemgyýeti aşakdaky ugurlar boýunça işgärleri kabul edýär: tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmen, önümçilik boýunça müdir, çekimçi, hil gözegçiligi boýunça hünärmenler, maddy gymmatlyklar bilen işlemek tejribesi bolan ammar işgärleri, aşpez, agranom, ižener elektrik, inžener mehanik, ýönekeý işgär.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: jogapkärli bolmaly, tertip-düzgüni berjaý etmeli, köpçülik bilen işlemegi başarmaly, täze wezipelere taýýar bolmaly, öz-özüňi kämilleşdirmäge çalyşmaly.

Ýüz tutmalary ibermek üçin 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli internet salgysy boýunça degişli görnüşi doldurmaly.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: