Türkmenistanyň DIM-inde Malaýziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
19.04.2024 | 19:38 |19-njy aprelde, anna güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Mähri Bäşimowa maýa goýum we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini belledi.
Söhbetdeşler ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ýakyn ýyllarda iki ýurduň ministrler derejesindäki hem-de hökümet wekilleriniň we işewür toparlarynyň özara saparlarynyň guralmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Taraplar parlament wekiliýetleriniň alşylmagyny ýola goýmak arkaly parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini bellediler.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň birnäçe meselelerine garaldy.
ORIENT news