Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Respublikanyň premýer-ministriniň diwanynyň başlygy bilen duşuşdy
11.04.2024 | 20:19 |Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Respublikanyň premýer-ministriniň diwanynyň başlygy Araik Arutýunýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Muhammetgeldi Aýazow şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda görnükli türkmen şahyry, akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi.
ORIENT news