Iýun aýynda ulanyjylaryň 2000-den gowragy e.gov.tm portalynyň hyzmatlaryndan peýdalandy
01.07.2025 | 12:40 |Iýun aýynda 2359 adam “e.gov.tm” Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynyň hyzmatlaryndan peýdalandy. Mundan başga-da, bütin wagtyň dowamynda portal arkaly ýerine ýetirilen hyzmatlaryň umumy sany 942 015 barabar bolup, hasaba alnan ulanyjylaryň sany bolsa 82 000-den geçdi.
“e.gov.tm” portaly raýatlara döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşlerinden onlaýn peýdalanmaga mümkinçilik berýän döwrebap platformadyr. Portalyň mobil goşundysy hem bar, ol Android we iOS platformalarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir. Portalyň wizual taýdan kabul etmek üçin ýakymly we sada interfeýsi bolup, ol islendik ýaşdaky ulanyjylar üçin düşnüklidir. Serwis 24/7 tertibinde gije-gündiziň dowamynda işläp, iki dilde, türkmen we rus dillerinde elýeterlidir.
Şahsy otagda ulanyjylar aragatnaşyk we jemagat hyzmatlaryny dolandyryp bilýärler, tölegleri amala aşyryp, sargytlary resmileşdirip, biletleri satyn alyp bilýärler, şeýle hem “onlaýn-kitaphana” we “elektron mekdebi” ýaly funksiýalaryndan peýdalanyp bilýärler.