Iň täze habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Gökdere jülgesinde ýaş nesiller üçin sport bäsleşikleri we döredijilik çäresi gurnaldy

02.07.2025 | 19:30 |
 «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Gökdere jülgesinde ýaş nesiller üçin sport bäsleşikleri we döredijilik çäresi gurnaldy

2-nji iýulda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaşlary watansöýüji, ruhubelent, sagdyn bedenli, ugurtapyjy, gujurly-gaýratly kemal getirmek maksady bilen sport hem-de döredijilik çäreleri gurnaldy.

02072025 арагатнашык1.jpg

Sport çäresine gatnaşan çagalar toparlara bölünip, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Çagalaryň arasynda geçirilen sport bäsleşikleri gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýeňiji bolan toparlara «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

02072025 арагатнашык1.jpg

Şeýle hem, sport çäresinden soň çagalaryň öňünde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri özleriniň taýýarlan baý many-mazmunly döredijilik sahnalary bilen çykyş etdiler. Görkezilen şadyýan sahnalar we şowhunly aýdym-sazly çykyşlar çagalara şatlyk we ruhubelentlik paýlady.

02072025 арагатнашык1.jpg

Adamyň saglygyna we özüni duýşuna örän gowy täsirini ýetirýän Gökdere jülgesinde tomus möwsümini sapaly we peýdaly geçirýän bagtyýar çagalar, özleri üçin döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

02072025 арагатнашык1.jpg

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: