Iň täze habarlar

Pekinde Magtymguly Pyraga we Nowruz Baýramyna bagyşlanan çäre gurnaldy

21.03.2024 | 15:17 |
 Pekinde Magtymguly Pyraga we Nowruz Baýramyna bagyşlanan çäre gurnaldy

Mart aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasy 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygry astynda geçýän we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna hem-de Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz Günine bagyşlanan dabaraly kabul edişligi kaşaň Pekin Marriott otelinde gurnady. Bu çäreni geçirmäge Hytaý Atçylyk Assosiasiýasy we onuň baş sekretary Ýue Gaofen uly ýardam berdi.

1-1.jpeg

Bu çärä 30-den gowrak dünýäniň dürli ýurtlarynyň we sebitleriniň 240-den gowrak myhmanlarynyň, şol sanda ilçileriň, diplomatlaryň, Hytaýyň döwlet we hususy edaralaryndan, söwda-senagat, parahatçylyk we dostluk jemgyýetlerinden, halkara we sebit guramalaryndan, döwlet we hususy kärhanalaryň wekilleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaýyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

2.jpeg

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi P.Durdyýew özüniň çykyşynda myhmanlary bu ajaýyp baýramlar bilen gutlady we türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň we onuň çeperçilikli şekillendiren önden görüjiliginiň we pähim-paýhasynyň nä derejede bitarap we hemişelik Türkmenistanyň ösüş ýoluna öz ýetiren täsiri barada gürrüň berdi. Şeýle-de, ol Nowruzyň özgerişiň, täze durmuşyň we öňegidişligiň buşlukçysy hökmündäki wajyplygy barada gürrüň berdi.

3.jpg

Pursatdan peýdalanyp, ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň paýhasly ýolbaşylygynda ýurdumyzda gazanylan agirt uly durmuş-ykdysady sepgitleri barada gürrüň bermek bilen birlikde, soňky birnäçe ýyllaryň içinde berk makroykdysady görkezijileri esasynda 2022-2052-nji ýyllary aralygyndaky dürli milli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň wajyplygyny nygtap geçdi.

4.jpeg

Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ýola goýulan hemmetaraplaýyn startegiki hyzmatdaşlygyň wajyplygyny hem nygtady we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna oňyn täsirini ýetirjekdigine örän ýokary baha berdi.

5.jpeg

Çäräniň esasy myhmany, Hytaý hökümetiniň Ýewraziýa yurtlary boýunça Ýörite Wekili Li Hueý dabara gatnaşyjylary bu ajaýyp wakalar bilen gutlady. Li Hueý, “Magtymguly Pyragy Türkmenistanyň ady belli şahyrydyr we akyldarydyr, onuň eserleri adamzadyň ruhy baýlygydyr”, Nowruz bolsa Hytaý Ýaz Baýramyna gabat gelip, aýgytly pasly alamatlandyrýar, diýip belledi. Ol Hytaý-Türkmenistan ýürekdeş gatnaşyklarynyň mundan hem beýläk pajarlap ösjekdigine öz ynamyny beýan etdi.

6.jpeg

Dabaraly çäräniň barşynda myhmanlarynyň ünsi ÝUNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawlaryna girizilen Türkmen bedew-atlary, halylary, saz gurallary we sazlary barada wideo şekillerine, milli “Küştdepdi” tansyna ünsleri çekildi we milli tagamlar hödürlendi.

7.jpeg

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygry nyşany bilen bezelen ýörite söwgatlary – käse, depderçe, galam öndürildi we şokolad önümi paýlandy.

8.jpeg

9.jpeg

10.jpeg

11.jpeg

12.jpeg

13.jpeg

14.jpeg

15.jpeg

16.jpeg

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: