Iň täze habarlar

Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti "THE Awards Asia-2024" baýragyna hödürlenildi

26.01.2024 | 14:09 |
 Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti "THE Awards Asia-2024" baýragyna hödürlenildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýlar uniwersiteti "Times Higher Education Awards Asia 2024-iň" "Talyplar tarapyndan saýlanan iň gowy okuw binalar toplumy" derejesi boýunça baýraga hödürlenjek ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizildi. Bu ugur boýunça baýraga türkmen uniwersitetinden başga, Koreýa Respublikasyndan, Singapurdan, Indoneziýadan, Tailanddan we Hindistandan jemi 8 ýokary ýokary okuw mekdebi hödürlendi.

Ýokary okuw mekdeplerine baha beriji guramanyň 10 ugry boýunça baýraklara jemi 17 ýurtdan 600-den gowrak ýüztutma kabul edildi. Olardan degişli ugurlar boýunça baýraklara hödürlemäge 80 töweregi ýokary okuw mekdebi saýlanyp alyndy. Bu baýraklar akademiki bilim, öňdebaryjylyk, dolandyryş we hünär hyzmatlary ýaly ugurlar boýunça nusgalyk görkezijileri bolan ýokar okuw mekdeplerine gowşurylýar.

Ýeňiji bolan ýokar okuw mekdepler Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Aziýanyň uniwersitetleriniň Sammitiniň çäklerinde 29-njy aprelde yglan ediler.

2016-njy ýylda açylan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýlar uniwersitetinde tehnika we tehnologiýalar ugurlary boýunça jemi 5 fakultet hereket edýär. Olar himiýa we nanotehnologiýalar; biotehnologiýa we ekologiýa; informatika we maglumat tehnologiýalary; kiberfizika ulgamlary we innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetleridir.

2019-njy ýylda uniwersitetiň ýanynda Umumy we amaly biologiýa instituty döredildi. Jemi 6 sany barlaghanasy bolsan institutda öýjük biologiýasy, biohimiýa ýaly ugurlarda ylmy barlaglar geçirilýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: