Türkmen halkynyň Milli Lideriniň käbesiniň we kyblasynyň hormatyna Maryda sadaka bermek göz öňünde tutulýar
13.01.2024 | 11:00 |Mary welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň baş metjidi - Gurbanguly Hajy metjidine baryp, bu ýerde ata Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň hatyrasyna doga-dilegler etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow din wekillerine ýüzlenip, ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde uly işleri bitiren mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de öz manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden kyblasy Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna düşýändigini aýtmak bilen, olary ýagşylykda ýatlap, belli günleriniň arasynda gelýän anna gününde belli gün sadakasyny bermek baradaky teklibini ýaşulular bilen geňeşip görmeklerini haýyş etdi.
Ogulabat eje geçen ýyl, Mälikguly aga bolsa 2021-nji ýylyň mukaddes Oraza aýynyň günlerinde aradan çykypdy.
ORIENT news