Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we “First Abu Dhabi Bank” hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler
06.01.2024 | 03:22 |Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we BAE-niň iň uly banky bolan First Abu Dhabi Bank/FAB hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Bu dabara, 5-nji ýanwarda, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň BAE-ne amala aşyran iş saparynyň çäginde geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Düýbi Abu Dabide ýerleşýän “FAB” Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde, Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada hereket edýär. 2020-nji ýylda “FAB” Global Finans tarapyndan BAE-de we Ýakyn Gündogarda iň ygtybarly bank we BAE-de iň oňat bank hökmünde ykrar edildi.
ORIENT news