Iň täze habarlar

Gidrogeologlar Daşoguz welaýatynyň ýerasty suw çeşmelerini öwrendiler

22.08.2023 | 09:08 |
 Gidrogeologlar Daşoguz welaýatynyň ýerasty suw çeşmelerini öwrendiler

Daşoguz welaýatynyň suw gözleýji toparynyň hünärmenleri Boldumsaz we Akdepe etraplarynyň ilatly ýerlerini bökdençsiz suw bilen üpjün etmek üçin sebitde ýerasty suwlaryň çeşmelerini öwrendiler. Bu barada “Nebit-gaz” gazeti habar berýär.

Şu ýylyň geçen 7 aýynda gidrogeologlar göz öňünde tutulan iş meýilnamasyny 20 göterim artygy bilen ýerine ýetirip, demirgazyk sebitiň çetki ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmekde uly goşant goşdular. Mundan daşary gözleg topary emeli “Altyn köl” kölüniň töwereklerinde gözleg işlerini alyp bardylar.

Bu ýerde geologlar “Zeňňi baba” suw basseýniniň türkmen kölüne çenli uzaýan çäklerindäki suw gorlaryny öwrendiler. Hünärmenler bu ýerde geoekologiýa, inžener-geologiýa we gidrogeologiýa gözleglerini alyp bardylar.

Gözleg işleriniň esasy maksady içimlik agyz suwunyň gorlaryny ýüze çykarmakdan we ony ilatly ýerlere ýetirmekden ybaratdyr.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: