Iň täze habarlar

Honor kompaniýasynda «eplenýän ekranly iň ajaýyp smartfony» çykarmaga söz berdiler

07.07.2023 | 15:33 |
 Honor kompaniýasynda «eplenýän ekranly iň ajaýyp smartfony» çykarmaga söz berdiler

Honor-yň Baş direktory Çžao Min kompaniýanyň indiki gurluşynyň Honor Magic V2 -niň «eplenýän ekranly ajaýyp smartfon» boljakdygyna söz berdi- diýip, ixbt.com habar berýär.

«Däp bolup gelýän pikirlenmä görä, eplenýän telefonlaryň ösüşi özüniň soňky çägine ýetdi. Smartfon näçe inçe bolsa-da ol USB-C portyndan inçe bolup bilmez. Biz bu tassyklamany düşürdik we eplenýän ekranly iň gowy smartfony ýasadyk» — diýip, Çžao Min beýan etdi.

Smartfonyň iň soňky wersiýasyny synag edip gören habarçy smartfonyň örän inçe bolandygyny tassyklady. Hatda ýygnalan ýagdaýynda hem ol eplenýän gurluşa meňzänok we elde iPhone 14 Pro Max-dan gowy ýerleşýär.

Ozal Honor-yň baş direktory indiki iPhone 15-iň iPhone 14-den az tapawut etjekdigini beýan etdi, emma Honor Magic V2-ni bolsa hakykatdan hem ynkylapçy önüm diýip atlandyrypdy.

Honor Magic V2 -ni giň köpçülige 12-nji iýulda görkezerler.

ORIENT habarlar

Foto: mobile-review.com

Şeýle hem okaň: