Smartfonyň eýesiniň ýerleşýän ýerini SMS-iň kömegi bilen kesgitlemegi öwrendiler
19.06.2023 | 17:15 |Demirgazyk-Gündogar (Northeastern University) we New-Ýork uniwersitetlerinden (New York University) howpsuzlyk boýunça hünärmenleriň topary SMS habaryny alyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitlemegiň tehnikasyny ýüze çykardy.
Barlag tekst habarlaryny alyja ýetirmekde eglenmeleriň seljermesiniň esasynda edildi. «Ýuwaş» SMS-ler iberilende abonente hiç hili habarnama gelenok, habaryň awtory bolsa alyjynyň geolokasiýasyny (ýerleşýän ýerini) yzarlap bilýär.
Şeýlelikde, Belgiýada abonenti gözlemek boýunça geçirilen tejribe 86% çenli anyklyk bilen SMS habaryny alyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitledi.
«Maşyn okatmak modeliniň türgenleşmesinden soňra biziň netijelerimiz SMS-i ugradyjynyň alyjynyň birnäçe ýerleşýän ýerini anyk kesgitläp bilýändigini görkezdi. Biziň modelimiz dünýäniň dürli ýurtlarynyň içindäki sebitleri kesgitlemekde 96% çenli anyklyga ýetýär» — diýlip, barlagda aýdylýar.
Tejribe geçirilende alymlar şeýle SMS habarlaryny ugradýan goşundylary ulandylar. Öz gezeginde, emeli intellektiň esasyndaky ulgam habar ugradylan pursadyndan başlap operatordan habaryň barandygy baradaky gulluk habarnamalarynyň gelýän wagtyna çenli döwri bellik edýär.
Tejribeler ABŞ-da, BAE-de we Ýewropanyň ýedi ýurdunda geçirildi we LTE, LTE+ we 5G NSA torlary bilen bäş sany aragatnaşyk operatorlaryny gurşap aldy.
ORIENT habarlar