Iň täze habarlar

“Türkmengaz” DK täze ýolbaşçy bellendi

13.05.2023 | 22:28 |
 “Türkmengaz” DK täze ýolbaşçy bellendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Maksat Babaýewi Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

"Türkmengaz" DK-nyň ozalky başlygy Batyr Amanow başga işe geçýändigi sebäpli Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylan Aşyrguly Begliýewiň ýerine ýangyç we energetika toplumy boýunça premýer- ministriň orunbasary wezipesine bellendi.

Ýolbaşçylary bellemek hakynda resminamalara Döwlet Baştutany tarapyndan şenbe güni türkmen hökümetiniň mejlisinde gol çekildi.

Maksat Babaýew 2017-nji ýylda "Türkmengaz" DK ýolbaşçylyk edipdi, şeýle hem - 2017-nji ýylyň apreli / 2018-nji ýylyň apreli - nebit we gaz boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetiripdi.

«Türkmengaz» döwlet konserni dünýäde iri energetika kärhanalaryň biri bolmak bilen, ol tebigy gazy gözlemek, çykarmak, taýýarlamak, akdyrmak we gaýtadan işlemek ýaly işleri amala aşyrýar. Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bu ugurda Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dünýäde dördünji orny eýeleýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: