Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 36 desgany bäsleşikli söwda çykarýar
18.04.2023 | 11:32 |10-njy maýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda guraýar. Onda 36 lot —dürli ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem Aşgabadyň, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.
Bäsleşikli söwdadaky iň gymmat lot 2016-njy ýylda Aşgabatda G. Kulyýew köçesiniň ugrunda gurlan «Nur zaman» we «Damjaly baglar» dolandyryş binalary (18 we 19-njy lotlar) bolar. Desgalaryň ikisiniň-de başlangyç bahasy 51 mln manatdan ýokarydyr. Täze döwrebap binalary işewürlik üçin kärendesine dürli maksatlar bilen berip bolýar.
Bäsleşikli söwdada iň pes başlangyç baha Lebap welaýatynyň «Hojambaz» alyjylar jemgyýetiniň limon ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasy (11-nji lot) üçin bolar. Bu desgany geljekdäki maýa goýumçy 71,6 müň manada satyn alyp biler.
Şeýle hem maýa goýumçylara hususy eýeçilige satylýan Daşoguzyň jemagat abatlaýyş-gurluşyk trestiniň turba zawodyna üns bermek bolar (26-njy lot). Onuň bäsleşikli söwdadaky başlangyç bahasy — 17,7 mln manatdyr.
Bäsleşikli söwda 10-njy maýda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda şu salgyda geçer: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, jaý 156. Şeýle hem e.fineconomic.gov.tm saýty arkaly ýa-da bu platformanyň ykjam goşundysy arkaly sowda onlaýn görnüşde gatnaşyp bolýar.
Öňde boljak söwdalaşyklardaky lotlaryň doly sanawy bilen şu salgylanma boýunça tanşyp bolýar.
ORIENT habarlar