Iň täze habarlar

Pakistanyň instituty MA ýurtlarynda analitiki merkezleriň toruny döretmekligi teklip etdi

20.03.2023 | 12:47 |
 Pakistanyň instituty MA ýurtlarynda analitiki merkezleriň toruny döretmekligi teklip etdi

Yslamabadyň strategiki barlaglar institutynyň (CPSC/ISSI) hytaý-pakistan ylmy-barlag merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Azerbaýjanda analitiki merkezleriň toruny döretmekligi teklip etdi.

Bu barada institutyň baş direktory Mahmud Sohail Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň MA ýurtlarynyň wekiliýetiniň baştutany hökmünde we onuň Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan we Täjigistandan bolan kärdeşleriniň gatnaşan tegelek stolunyň jemleri boýunça beýan etdi – diýip, The Nation habar berýär.

Mahmud Sohail Respublikanyň ähli sebitleriniň arasyndaky çuňňur özara gatnaşygyň bardygyny nygtady hem-de Pakistanyň dünýä ummanyna iň gysga we bähbitli ýollaryň birini üpjün edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Ol merkezleri döretmek üçin CPSC/ISSI-ň platforma bolup hyzmat edip biljekdigini beýan etdi. Şunuň ýaly ölçeg ep-esli derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda umumy maksatlary pugtalandyrar. Diplomatiki wekilhanalaryň baştutanlary institutyň baş direktorynyň başlangyjyny makulladylar.

Mundan başga-da, ýurtlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga degişli syýasy geňeşmeleri işläp taýýarlamak üçin çäre geçirmeklige ylalaşdylar. Bu jähtden çekeleşmäniň gatnaşyjylary Yslamabadyň «Merkezi Aziýa Göz ýetiriş» syýasatynyň – goňşy sebitiň döwletlerine gatnaşygyna bolan aýratyn ornuny bellediler.

ORIENT habarlar

Foto: pixabay.com

Şeýle hem okaň: