Iň täze habarlar

Balkan welaýatynda täze gidrotehniki desga açylyp, ulanyşa berildi

23.03.2023 | 11:47 |
 Balkan welaýatynda täze gidrotehniki desga açylyp, ulanyşa berildi

Garagum derýasynyň 1002-nji kilometrinde suw akymyny kadalaşdyrmak üçin täze gidrotehniki desgany Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açdylar - diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Geçirijilik ukyby sekuntda 68 kub metre deň bolan täze desganyň işe girizilmegi Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy we ol dabaraly ýagdaýda geçdi.

Desganyň taslamasy Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan işlenip düzüldi. Desga suwdan rejeli peýdalanmaga we ýurduň günbatar welaýatynyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge niýetlenendir.

ORIENT habarlar

Foto: “Türkmenistan” gazeti

Şeýle hem okaň: