Iň täze habarlar

Beýik Britaniýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen ýaşyl energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler

14.03.2023 | 10:14 |
 Beýik Britaniýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen ýaşyl energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri Türkmenistanyň döwlete degişli düzümleriniňwekilleriniň Beýik Britaniýanyň degişli ugurdaky kompaniýalary bilen geçiren tegelek stolunyň esasy temasy boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» DK-niň, Energetika ministrliginiň, ýurduň DIM-niň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Beýik Britaniýanyň kompaniýalarynyň

wodorod energetikasy, gapdalyndan çykýan gazdan peýda görmek, ýurduň nebit-gaz pudagyny uglewodoroddan aýyrmak mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Hususan-da, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri pudagyna ýöriteleşen Aggreko, Ikigai Capital, Hydro-C kompaniýalary öz taslamalarynyň tanyşdyryşlary bilen çykyş etdiler.

Tegelek stola gatnaşyjylar şeýle hem ýaşyl energetika babatyndaky taslamalary maliýeleşdirmegiň meselelerine garadylar.

ORIENT news

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: