Türkmenistanda bag oturtmak – 2023 kampanaiýasyna badalga berildi
18.03.2023 | 13:10 |Şu gün Türkmenistanda däp boýunça ýylda iki gezek – baharda we güýzde geçirilýän giň gerimli bag oturtmak kampaniýasy başlandy. Agaç nahallaryny oturtmak çäresine dürli edardyr guramalaryň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
Bu ýyl jemi 3 million nahal oturdylar, olaryň ýarysy Köpetdagyň eteginde, paýtagtyň töwereginde ekiler. Oturtmakda howa aýratynlyklary göz öňünde tutulýar, şol sebäpli soňky ýyllarda «ýaprakly» baglar köp oturdylýar.
Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň ýanynda eldar sosnasyny, tut we alma nahallaryny, ýollaryň ugrunda zirk, beresklet, arça we toraňňy agaçlaryny oturdýarlar. Ýaprakly agaçlar gün radiasiýasyndan has netijeli goraglygy üpjün edýär, şeýle hem ýerli haýwanat dünýäsiniň iýmite bolan islegini kanagatlandyrýar.
Däp bolşy ýaly, sosna agajyny, arçany we arizon serwi agajyny oba hojalyk ýerleriniň gyralarynda, dolandyryş merkezleriniň ýanynda, senagat zolaklarynda we iri türkmen şäherleriniň içinde oturdýarlar.
Baglary oturtmak aksiýasy Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär, ol çölleşmek ýaly ekologik meseleleriň täsirini gowşatmaga niýetlenendir.
ORIENT habarlar