Aşgabatda ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň Klimatik toparynyň nobatdaky ýygnagy geçdi
18.03.2023 | 11:23 |Türkmenistanyň hökümetiniň howa boýunça Pariž ylalaşygynyň çäklerinde özüniň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki tagallalaryny goldamak boýunça dialogy dowam etdirmek üçin ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň Klimatik toparynyň bäşinji Utgaşdyryjy ýygnagy geçdi.
Duşuşyk BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Beýik Britaniýanyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasy bilen bilelikde gurnaldy. Ol howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak babatynda ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň hereketini maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.
Çärede geçen ýylyň noýabrynda Müsürde (Şarm-el-Şeýh) BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Maslahatynyň (COP27) neijeleri boýunça ýurduň ýerine ýetirýän çärelerine we şu ýylyň noýabrynda Dubaýda, BAE-de boljak duşuşyga taýýarlygyň meselelerine garaldy.
BMGÖM-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan «Biz geçen ýyl täzelenen milli derejede Kesgitlenýän goşandy (ОНУВ) işläp düzmekde we hödürlemekde Türkmenistana goldaw berdik» - diýip, öz çykyşynda belledi, parnik gazlarynyň zyňylmagyny kemeltmekde we Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge Türkmenistana goldaw bermekde bilelikdäki tagallalary tizleşdirmek üçin BMGÖM bu möhüm dialogy dowam etdirer – diýip, ol nygtady.
Türkmenistanyň howa baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmeginde tagallalaryna goldaw bermek üçin esasy hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy we şeýle hem BMG-niň howanyň üýtgemegi babatyndaky indiki maslahatynyň öňüsyrasynda maksatlaryň derejesini götermekligi Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Lýusiýa Uaýld beýan etdi. Diplomat howanyň üýtgemegine we biodürlüligiň ýitmegine garşy göreşde hemmeleriň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň ähmiýetlidigini belläp geçdi.
ORIENT habarlar