Umman şertnamasy: on ýyllyk gepleşiklerden soň gazanylan taryhy ylalaşyk
06.03.2023 | 01:15 |Ýurtlar 10 ýyllyk gepleşiklerden soň dünýä ummanyny goramak boýunça taryhy ylalaşygy gazandylar. Açyk deňiz şertnamasy, deňizleriň ýaşaýşyny goramak we tebigatyny dikeltmek üçin 2030-njy ýyla çenli olaryň 30 göteriminiň goralýan ýerlere öwrülmegini maksat edinýär.
Ylalaşyk, 38 sagat dowam eden gepleşiklerden soň, BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky ofisinde gazanyldy – diýip, BBC News habar berýär.
Gepleşikler, maliýe we balyk tutmak hukugy baradaky düşünişmezlikler sebäpli ençeme ýyllap dowam etdi. Ummany goramak baradaky iň soňky halkara ylalaşyga, ýagny BMG-nyň Deňiz kanuny konwensiýasyna 40 ýyl ozal 1982-nji ýylda gol çekildi.
Bu ylalaşyk, açyk deňizler – halkara suwlar diýlip atlandyrylýan, ýagny ähli ýurtlaryň balyk tutmaga, gämi ibermäge we gözleg geçirmäge hukugy bolan, emma bu suwlaryň diňe 1,2 göterimi goralýan sebiti döretdi.
Bu goralýan ýerleriň daşyndaky deňiz durmuşy howanyň üýtgemegi, aşa balyk tutmak we gämi arkaly ýük daşamak sebäpli howp astyndadyr. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň maglumatyna görä, dünýädäki deňiz görnüşleriniň iň soňky bahalandyrmasyna laýyklykda, olaryň 10 göterimine golaýyna ýok bolmak howpy abanýar.
Şertnamada kesgitlenen bu täze goralýan ýerler, balyk tutmak, ýük daşamak ýollary we ýerüstünden 200 metr ýa-da ondanam köp çuňlukda deňiz gazmak ýaly gözleg işlerine çäklendirmeler girizer.
Çuň deňiz düýbünde geljekde ýerine ýetiriljek islendik işler, jogapkärçilikli ýerine ýetirilmegi üçin berk daşky gurşaw kadalaryna we gözegçilige sezewar ediler.
Esasy mesele deňiziň genetiki baýlyklaryny bilelikde ulanmakda jemlenýär. Bu jemgyýete, şol sanda derman öndürijilerine (mysal üçin, deňiz gubkalary rak keselini bejermek üçin möhüm maddalary üpjün edýär), senagata we iýmit önümçiligine peýda berip biljek, ummandaky ösümlikleriň we haýwanlaryň biologiki materialy bolup durýar.
Häzirki wagtda baý ýurtlaryň çuň ummany öwrenmek üçin serişdeleri we maliýeleri bar. Emma garybyrak ýurtlar olar tarapyndan tapylan bähbitleriň deň paýlaşylmagyny isleýärler.
Stokgolm uniwersitetiniň umman gözlegçisi, doktor Robert Blasiak meseläniň umman baýlyklarynyň näçeräk gymmatdygyny we şonuň üçin nädip paýlaşyp boljakdygyny hiç kimiň bilmeýändigini aýtdy.
«Eger siz uly, giň ekranly HD telewizory göz öňüne getirseňiz we şol ägirt ekranda bary-ýogy üç ýa-da dört piksel işleýän bolsa, onda bu biziň ummanyň çuňlugy baradaky bar bilimimiz. Ummanda takmynan 230 000 görnüşi hasaba aldyk. Ýöne olaryň iki milliondan gowragynyň bardygy çak edilýär» – diýip, BBC News aýdýar.
ORIENT news