Germaniýanyň Hytaýdan gün enjamlaryny satyn almagy 2022-nji ýylda €3,1 mlrd-dan geçdi
03.03.2023 | 15:46 |2022-nji ýylda Germaniýa gün elektrik stansiýalary üçin €3,6 mlrd möçbere golaý enjam satyn aldy, şunda Hytaýdan satyn alnan enjamlaryň möçberi €3,1 mlrd-dan biraz geçdi, bu bolsa umumy importyň 87% deňdir. Bu barada Federal statistika müdirligi Destatis habar berýär.
Statistika müdirligi şeýle hem Germaniýada soňky ýyllarda gün modullarynyň öndürilişiniň artandygyny belledi. 2022-nji ýylda gün modullarynyň öndürilmegi 2021-nji ýyl bilen deňşdireniňde 44% artdy we 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde bolsa 75% artdy.
Hytaý dünýäde gün energetikasynyň ösmeginde esasy orun eýeleýär. Ol diňe bir energiýayň bu görnüşiniň öndüriliş möçberi we sarp edilişinde öňdeligi eýelemän, eýsem onuň ýaýradylmagyna we beýleki ýurtlar üçin elýeterli bolmagyna hem ýardam edýär.
2020-nji ýylyň ahyryna Hytaýda gün elektrik stansiýalarynyň oturdylan kuwwatlyklary 253 gigawatta deň boldy, bu bolsa bütin dünýäniň kuwwatlygynyň 36% deňdir. Mundan başga-da, Hytaýyň bazary arzan we ýokary hilli önümler bilen üpjün edip, dünýädäki gün panelleriniň 80% öndürýär.
Hytaý daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreşmegiň usullarynyň biri hökmünde we kömre bolan garaşlylygy azaltmak üçin gün energetikasyny ösdürýär. Ýurduň hökümeti bu pudaga beýleki islendik döwlete garanda köp maýa goýýar – 2017-nji ýylda ABŞ-nyň 86 milliard dollaryna golaý maýa goýuldy. Onuň netijesinde kömür energetkasynda bahalaryň deňligine ýetdi - günden bir kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmegiň bahasy kömür önümçiligine deň bolup, hatda ondan hem arzan boldy.
ORIENT habarlar