FLEX maksatnamasynyň Türkmenistandaky uçurymlary eko-çellinje gatnaşdylar
13.02.2023 | 10:07 |Ýokary synp mekdep okuwçylarynyň FLEX maksatnamasynyň tutuş Türkmenistandan bolan uçurymlary eko-kampaniýa gatnaşdylar – diýip, Türkmenistandaky Amerikan Geňeşiniň saýtynda habar berilýär.
Aksiýanyň çäklerinde olara özleriniň daşky gurşawy goramaga goşan goşandyny, Ýer ýüzünde ekologiýany gowulandyrmaga ýardam etjek öz oýlap tapan zadyny görkezýän suratlar bilen tanyşdyrmak teklip edildi.
Şeýlelikde, işleriň arasynda – penoplastdan ýasalan çagalar üçin oýnalýan öýjagaz, ulanylan konserwa gaplaryndan ýasalan robot we başga-da köp zatlar bar.
«Meniň oglum kiçilikden başlap ulanylan gaplary, çüýşeleri, matalary, plastikden we kartondan ýasalan gutulary ulanyp zat ýasamak bilen meşgullanýar. Biziň täze ýyl bezeglerimiziň köpüsi gerekmejek zatlary ulanyp ýasalan zatlar» - diýip, çärä gatnaşyjylaryň biri Ogulsoltan Aşyrowa öz pikiri bilen paýlaşdy.
Eko-çellinj FLEX maksatnamasynyň uçurymlarynyň utgaşdyryjysy Ýelena Garryýewa tarapyndan ekologiýanyň we daşky gurşawyň bütindünýä meselelerine ünsi çekmek üçin, «ýaşyl» durmuş ýörelgesini alyp barmagy öwretmek üçin gurnaldy.
ORIENT habarlar