Türkmenistanda dünýädäki uly palçyk patlawuklarynyň biri çogup başlady
11.02.2023 | 12:38 |Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýändünýädäki iň uly palçykly patlawuklaryň biri –Akpatlawuk çogup başlady – diýip, anna güni «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.
Kraterden beýikligi 60 metre golaý tümmek çoganda çuňňur dem almany ýatladýan ses çykýar. Daşyna ýarym suwuk palçykly läbik – palçygyň, nebidiň, suwuň we çöken jynslaryň döwükleriniň garyndysy çykýar.
Çogmanyň başlanmagynyň sebäbi gazlaryň ýygnanmagy we ýerasty suwlaryň patlawugyň ýerdäki bölegine işjeň girmegi bolup biler diýip, ekolog Meretdurdy Kiçimow hasap edýär. Ol şeýle hem patlawugyň çoguş geriminiň we işjeňliginiň häzir howpsuzdygyny belleýär.
Patlawugyň diametri 150 metr deň bolan krater köli sowuk bolup galýan gaýnan magma bilen doly. Ony Türkmenistanyň şypahanalarynda bejergi maksatlarynda ulanýarlar.
ORIENT habarlar