XIX asyryň türkmen halysy Hindistanyň meşhur egin-eşik brendiniň sergisinde görkezildi
07.02.2023 | 17:32 |Meşhur hindi egin-eşik brendi Shades of India kompaniýasyny esaslandyryjylar Dewid we Mandip Hausgo Merkezi Aziýa halklarynyň gadymy halylaryndan we matalaryndan durýan öz hususy kolleksiýalarynyň ýygyndylaryny 1-nji fewraldan 15-nji fewrala çenli Nýu-Delidäki Senetçileriň milli muzeýinde görnüşe çykardylar.
Arasynda türkmenleriň ajaýyp dokma önümleri hem bolan XIX asyryň ajaýyp matalary sergä gelip görýänlerde täsir galdyrdy: jemi gadymy senetiň 40-dan gowrak nusgasy görkezilýär. Bu barada Artdaily habar berýär.
Haly önümleriniň ýygyndysynda inçe dokalan türkmen halysy aýratyn orny eýeleýär, onuň meňzeş taýy başga bir meşhur muzeýde – Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýinde saklanylýar. Biziň günlerimize çenli gowy saklanyp galan nagyşlarda hemmelere tanyş türkmen gölleri göze kaklyşýar.
«Meniň matalara bolan söýgim Eýrandan başlandy, ol ýerde men žurnalist bolup işlän döwrümde gadymy taýpa halylaryny ýygnaýardym» — diýip, Dewid gürrüň berýär, ol ýaş döwri gadymy tikinçilik we biçimçilik sungaty bilen baglanyşykly ähli zadyň muşdagy bolupdyr.
Ajaýyp nusgalaryň görkezilişi ilkinji gezek geçenok. Merkezi Aziýa halklarynyň baý mirasy bolan gadymy dokma sungatyny mynasyp bahalandyranlaryň ilkinjisi Luwrdaky sergä we Pariždäki arap dünýäsi Institutyna baryp gören fransuzlar bolupdyr.
ORIENT habarlar