Iň täze habarlar

Ýewropa elhenç guraklygyň bäri ýanynda – alymlar

31.01.2023 | 10:20 |
 Ýewropa elhenç guraklygyň bäri ýanynda – alymlar

Ýewropa ýerasty suwlaryň ätiýaçlygynyň kemelmegi sebäpli elhenç gurakçylygyň bäri ýanynda dur. Şu hili netijä Awstriýanyň tehniki uniwersitetiniň geodeziýa institutynyň alymlary geldiler - diýip, Focus uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp, habar berýär.

2018-2019-njy ýyllaryň güýçli yssysy suwlaryň derejesiniň düýpli aşak düşmegine getirdi, ol entek hem gaýtadan dikelenok, muňa bolsa alymlaryň maglumatlary şaýatlyk edýärler.

Barlaglar gurakçylygyň tebigata zyýan ýetirýändigini görkezýär, şeýle hem oba hojalygynda we elektrik energiýasynyň işlenip çykarylmagynda gytlyk döredýär. Mundan başga-da, haýwanlaryň suwda ýaşaýan görnüşleriniň köpüsi eýýäm öz ýaşaýan gurşawyny ýitirdiler we ölüp ýok boldular.

Alymlar syn etmelerini we gurakçylygy resminamalaşdyrmagy dowam etdirýärler, şeýle hem onuň öňüni almagyň usullaryny gözlemegini dowam etdirýärler.

ORIENT habarlar

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: