USAID-iň goldamagynda Türkmenistanda miweli bagçylygy döretmek boýunça gollanma taýýarlanylar
21.01.2023 | 18:09 |Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty we USAID miweli bagçylygy we tokaýçylygy döretmegiň usullary boýunça gollanma taýýarlaýarlar – diýip, USAID tarapyndan ýaýradylan maglumatda habar berilýär.
Gollanmada howanyň üýtgemeginiň Türkmenistanda agaçlary oturtmaga edýän täsiri baradaky maglumat, ýurtda ösdürmek maslahat berilýän ösümlikleriň bioekologiki aýratynlylary barada, şeýle hem tohumlary taýýarlamak, suwarmagyň tehnikasy, ösümlikleriň zyýankeşlerine we kesellerine garşy göreşmek boýunça maglumatlar berler.
Gollanmanyň taslamasy döwlete degişli we hususy pudaklaryň wekilleriniň, tokaý hojalygynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçen tegelek stolda hödürlenildi. Duşuşygyň ahyrynda hünärmenler işlenip düzülýän gollanma öz tekliplerini we soňky düzedişlerini girizdiler.
Öz çykyşynda USAID-iň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze bu guramanyň döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek maksatnamasynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty bilen hyzmatdaşlygy tokaýlary ösdürmek kampaniýasynyň çäklerinde ösümlikleri oturtmagyň we suwarmagyň iň gowy milli we halkara tejribelerini ornaşdyrmaga kömek edýär – diýip, belledi.
ORIENT news