Iň täze habarlar

Russiýa we Hytaý elektrobuslaryň bilelikdäki önümçiligini ýola goýar

18.01.2023 | 15:30 |
 Russiýa we Hytaý elektrobuslaryň bilelikdäki önümçiligini ýola goýar

«Irkutsk oblastynyň ösüş korporasiýasy» taslamasy we CRRC korporasiýasynyň Çunsin wekilhanasy «Çunsin Mamont Brend-Menejment» bilen bilelikde elektrobuslaryň umumy russiýa-hytaý önümçiligini döretmekligi meýilleşdirýärler – diýip, «Izwestiýa» habar berýär.

Bu taslama boýunça ylalaşyklara 2022-nji ýylyň iýunynda Peterburg halkara ykdysady forumynyň barşynda gol çekilipdi. Şu wagta çenli hytaýly maýa goýumçysy näbelli bolup galýar. Entek taraplar taslamany 2025-nji ýyla çenli amala aşyrmagy göz öňünde tutýarlar.

«Taslamanyň çäklerinde hytaýly öndürijileriniň tehnologiýalaryny ulanyp, elektrobuslaryň iri düzüm böleklerini ýygnamakdan başlamak meýilleşdirilýär. Soňlugy bilen elektroulag serişdeleriniň we elektrik ulagy üçin zarýad beriji stansiýalarynyň önümçiliginiň çuňňur ýola goýulmagyna geçilmelidir» – diýip, ýurduň Ykdysady ösüş ministrliginde «Izwestiýa» habar beripdirler.

ORIENT habarlar

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: