Iň täze habarlar

Antarktidada buzlaryň eremegini - yzyna gaýtaryp bolýandygyny anykladylar

18.01.2023 | 15:28 |
 Antarktidada buzlaryň eremegini - yzyna gaýtaryp bolýandygyny anykladylar

Kembrij, Edinburg we Waşington uniwersitetlerinden ylmy-barlagçylaryň topary buzlaryň eremeginiň diňe bir howanyň bütindünýä maýlamagyna bagly bolman, eýsem buzlara günbatardan öwüsýän şemallaryň agdyklyk etmegine hem baglydygyny ýüze çykardylar. Bu hem ereme ýagdaýyny yzyna gaýdyp bilýän hala getirýär – diýip, Nature Communications žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar.

Antarktidanyň köp böleginde günbatar şemallary agdyklyk edýärler, olar güýçlenende ummanyň aşagyndan ýyly we duzly suwy göterýärler, ol hem buzuň ereme tizligini ýokarlandyrýar. 2003-den 2015-nji ýyllar aralygynda buzluklaryň kenarynda günbatardan öwüsýän şemallaryň ýygylygy kemeldi we çuňňur ýyly suw olara baryp bilmedi. Şol döwürde buzluklaryň eremegi ep-esli kemeldi.

1990-njy ýyllaryň başyndan bäri alymlar şu sebitde buzuň eremeginiň birden ýokarlanandygyna syn etdiler, bu bolsa öň soňky ýüz ýyllykda howanyň çalt üýtgemegi bilen düşündirilýärdi. Dünýä ummanynyň derejesini 3,3 metr galdyrmak üçin Günbatar-Antarktida buzy ýeterlikdir.

Bu barlag buzuň özüni alyp barşynda kanuna laýyklygy ýüze çykarmagyň çylşyrymlydygyny görkezýär we buzly kontinentiň çaklama edilmelidigi baradaky we bu meseläni çözmek baradaky soragy ýüze çykarýar.

ORIENT habarlar

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: