2022-nji ýylda elektromobilleriň ösüşi 70% diýen ýaly artdy
17.01.2023 | 14:56 |2022-nji ýylda awtomobilleriň bütin dünýä boýunça satylyşy Hytaýda we Ýewropada olara bolan islegiň artmagy sebäpli ep-esli ýokarlandy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, doly elektrikleşdirilen ulaglaryň satuwy 69% artdy we 7,8 mln-a deň boldy – diýip, Interfax halkara seljerme beriji kompaniýalaryň maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.
Ýewropada satuwlaryň umumy göwrümindäki awtomobilleriň paýy 11%, Hytaýda bolsa – 19% deň boldy. 2022-nji ýylda Ýewropanyň bazarynda ulaglaryň satuwynyň 20,3% elektromobillere we gibrid awtomobillere degişli boldy.
Germaniýanyň awtoulag konserni Volkswagen özüniň satuwlarynyň geçen ýylda 7% aşak düşendigini, ýöne elektromobillere bolan islegiň 26% artandygyny habar berdi.
ORIENT habarlar