Iň täze habarlar

Angliýada bir gezeklik gap-çanaklar we çemçe-çarşaklar gadagan ediler

09.01.2023 | 05:57 |
 Angliýada bir gezeklik gap-çanaklar we çemçe-çarşaklar gadagan ediler

Angliýada daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak üçin plastmassa tabaklar we çemçe-çarşaklar ýaly bir gezeklik plastik önümler gadagan ediler.

Sanlar Angliýanyň her ýyl takmynan 1,1 milliard bir gezeklik gaplary we 4,25 milliard şolar ýaly çemçedir çarşajyklaryyny ulanýandygyny görkezýär we olaryň diňe 10 göterimi ulanylandan soň gaýtadan işlenilýär. Barlaglaryň netijesine görä, iýmit we içgiler üçin ulanylýan plastik önümler, şol sanda azyk gaplary we çemçe-çarşaklar Dünýä okeanyndaky hapalaryň iň köp bölegini emele getirýär.

Indi Iňlis daşky gurşaw ministri Tereza Koffi bir gezeklik plastmassa önümlerini ulanmagy gadagan etmekçi – diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Şuňa meňzeş gadaganlyklar Şotlandiýada we Uelsde eýýäm girizildi, Angliýanyň hökümeti 2020-nji ýylda ýurtda bir gezeklik plastmas sypallary, garyjylary we pagtaly gulak arassalaýanlary gadagan edipdi.

Şeýle-de bolsa, bu täzeçillik heniz doly güýjüne girmedik ýaly. “Daily Mailiň” habar bermegine görä, bu gadaganlyk iýmit we içgiler üçin ulanylýan plastik gap-gaçlara degişlidir, ýöne supermarketler we dükanlar ýaly ýerlerde däl. Ikinji ýagdaýda bu zatlar "ilkinji gaplama" hökmünde kesgitlener.

ORIENT news

Foto: tomsofmaine.com

Şeýle hem okaň: