Iň täze habarlar

Russiýada sürüjilere awtoulagdan zir-zibili zyňandyklary üçin rubl bilen temmi berler

10.01.2023 | 03:33 |
 Russiýada sürüjilere awtoulagdan zir-zibili zyňandyklary üçin rubl bilen temmi berler

11-nji ýanwardan RF-de sürüjilere awtoulagdan, ýük awtoulagyndan, tirkegli ulagdan ýanýoda ýa-da tokaýda zir-zibili zyňandyklary üçin jerime ýazlyp başlanar. Düzgün administratiw hukuk bozmalar hakynda kodekse girizilen üýtgetmelere laýyklykda güýje girýär diýip, “Kommersant” ýazýar.

Resminamanyň “Önümçiligiň we ulanylmadan soň emele gelen galyndylary bilen iş salyşylanda, daşky gurşawy goramak babatda talaplaryň berjaý edilmezligi” diýen atly 8.2 maddasy galyndylaryň ýörite bellenen ýerlerden başga ýerde goýlandygy üçin bäş müň rubla çenli möçberde jerime görnüşde temmi berilmegini göz öňünde tutýar.

Eger zir-zibil awtoulagdan taşlanan bolsa, jerimäniň mukdary düzgün bozujynyň hukuk derejesine baglylykda, 30 müňden 100 müň rubla çenli aralykda üýtgeýär. Zir-zibil ýük awtoulagyndan taşlanan bolsa, jerime 75 müňden 200 müň rubla çenli barabar bolar.

Düzgüniň bozlandygyny awtomatik kameralaryň kömegi bilen bellige almaga ygtyýar berilýär, jerime baradaky karary bolsa polisiýa we Döwlet tokaý gözegçiliginiň işgäleri çykaryp biler. Jerime resminamalary awtoulag eýesine düzgün bozujynyň ulagynyň döwlet belgisi anyklanandan soň poçta arkaly geler. Ýagny ýol hereketiniň düzgünlerini bozujylaryň garşysyna göreşmekde DAI-niň ulanýan usullary peýdalanylar diýip, gazet belleýär.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: