Ylmy-barlaglar: Pariž ylalaşygy 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň diňe 54%-ni halas eder
06.01.2023 | 23:01 |Pariž ylalaşygynyň şertleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň diňe 50% halas edip biler, ýöne şertnama häzirkisi ýaly äsgermezlik edilse, bu görkeziji 32% bolar – diýip, The Guardian alymlaryň ylmy barlaglaryna salgylanyp ýazýar.
Pariž ylalaşygy bütin dünýäde howanyň maýlamagynyň iň umytly ssenariýsi bilen gitmegini çaklap, ortaça temperaturanyň ýokarlanmagyny «2 derejeden sähel aşakda» saklamagy özüne maksat edinýär.
Hödürlenen ylmy-barlaga laýyklykda ýüz ýyllygyň ahyryna ähli Merkezi Ýewropa, Kanada we ABŞ tutuş diýen ýaly buzsuz galarlar, bu bolsa Dünýä ummanynyň derejesiniň ep-esli ýokarlanmagyna getirer. Bulardan başga-da, buzlaryň eremegi planetadaky 2 mlrd adamyň suw üpjünçiligini howp astyna goýar.
«Bütin dünýäniň temperaturasynyň 1,5 gradusdan ýokarlanmagy bilen buzluklaryň agramynyň tiz artýan ýitmegi daglyk etraplarda buzluklary saklap galmak üçin has netijeli howa borçnamalarynyň kabul edilmeginiň gaýragoýulmasyzdygyny nygtaýar» - diýip, ylmy barlagçylar belleýärler.
Buzluklar Ýerdäki agyz suwunyň esasy gorydyr: olaryň bolmagy bilen, Demirgazyk ýarymşardaky köp sebitlerde oba hojalygyny ýöredip bolýar we agyz suwy elýeterlikli bar. Mundan başga-da, ereme umytly çaklamada suwuň 90 mm ýokarlanmagyna, eger tersine bolan ýagdaýynda – 115 mm ýokarlanmagyna getirer, bu bolsa iri port şäherleriniň ýaşaýjylaryna howp salýar.
ORIENT habarlar
Surat: unsplash.com / Roxanne Desgagnés